“Türkmennebit” DK 7 müň metrden geçýän guýularda ugleworodlary çykarmak boýunça işleri geçirýär

  • 08.03.2024 09:36
  • 7.6k+

“Türkmennebit” döwlet konserni çuň guýularda barlag işlerini geçirmek hem-de uglewodorod serişdelerini çykarmak boýunça işleri alyp barýar. Bu barada wise-premýer B.Amanow penşenbe güni Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan nebiti we gazy çykarmak bilen bagly işleri netijeli ýerine ýetirmek babatda zerur çäreler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmakda adaty guýulardan tapawutly bolan çuň guýularyň önümli gatlaklaryny barlamak hem-de özleşdirmek işini halkara tejribä laýyklykda alyp barmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, guýularyň önümçiligini ýokarlandyrmak we täze çuň guýulary burawlamak üçin nebitgaz ýataklarynda döwrebap ugurdaş enjamlar, tehniki serişdeler bilen üpjün etmek babatda ähli şertler döredilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyny belledi hem-de nebitgazly känlerde çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýularda degişli işleri geçirmäge mümkinçilik berjek täze enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......