Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň NUMA GmbH kompaniýasy bilen onlaýn duşuşygy geçirildi

  • 08.03.2024 00:33
  • 6.7k+

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk bölüminiň, “Bagtyýar dostlar” syýahatçylyk kompaniýasynyň we Germaniýanyň “NUMA GmbH” syýahatçylyk kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideo maslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

2016-njy ýylda esaslandyrylan NUMA GmbH Germaniýanyň Syýahatçylyk assosiasiýasynyň agzasy bolmak bilen, syýahatçylyk operatoryna, marketinge we PR-a ýöriteleşendir. Kompaniýanyň syýahatçylyk pudagynda baý tejribesi we halkara syýahatçylyk operatorlary bilen ýakyn aragatnaşygy bar.
NUMA GmbH kompaniýasynyň müdiri Daliýa Altuntepe Ýewropanyň syýahatçylyk bazary barada gürrüň berip, kompaniýanyň Türkiýä, Merkezi Aziýa we Balkan ýurtlaryna gezelençleri guramaga ýöriteleşendigini belledi.
Syýahatçylyk bölüminiň başlygynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa Türkmenistanyň syýahatçylyk potensialy bilen tanyşdyryp, taryhy we ekosyýahatçylygyň ösüşine hem-de Awazada Hazar deňziniň kenarynda dynç almak mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
Daliýa Altuntepe Türkmenistana gezelençleri guramaga gyzyklanma bildirdi. Ol syýahatçylyk boýunça halkara maslahatyna gatnaşmak çakylygyny hem uly höwes bilen kabul etdi.
NUMA GmbH kompaniýasynyň esasy maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk potensialyny “The DACH” (Germaniýa, Awstriýa, Şweýsariýa) sebitinde ýaýratmakdyr. Bu maksatlara ýetmek üçin kompaniýa syýahatçylary ýurduň syýahatçylyk teklipleri, medeni gymmatlyklary we milli däpleri bilen tanyşdyrar ýaly marketing gurallaryny ulanar.
Duşuşygyň dowamynda syýahatçylyk işiniň esasy ugurlary boýunça pikir alşyldy. Taraplar sebitiň syýahatçylyk potensialyny ösdürmek temasynyň möhümligini belläp, NUMA GmbH bilen türkmen syýahatçylyk operatorlarynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmäge we Türkmenistanyň täze ugurlaryny mahabatlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......