Raşid Meredow Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 05.03.2024 23:52
  • 4.1k+

5-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministriniň Maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badr bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gün tertibinde durýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda, iki döwletiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde döwlet Baştutanlarynyň saparlaryna we ýokary derejedäki duşuşyklara uly orun degişlidigi nygtaldy.
Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Bu ugurda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň işine uly ähmiýet berildi.
Taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň ykdysadyýet we maýa goýum ulgamy boýunça derwaýys meseleler hakynda gürrüň etdiler hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......