Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Pakistanyň täze Premýer-ministrini gutladylar

  • 05.03.2024 00:40
  • 7.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mian Muhammad Şahbaz Şarifi Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutladylar.

“Siziň Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetine ýolbaşçylyk etmegiňizde ýurduňyzyň syýasy, durmuş, ykdysady ulgamlarda ösjekdigine, şeýle hem halkara giňişliginde at-abraýyny has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Biz dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, olary mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli işleri dowam etdireris” diýlip, Serdar Berdimuhamedowyň hatynda bellenilýär.
“Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly we özara hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip, Gurbanguly Berdimuhamedowyň hatynda bellenilýär.


düýn 16:07
2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.5k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....