Rus alymlary ýol belgisini tanamak ulgamyny döretdiler

  • 03.03.2024 23:45
  • 13k+

Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň alymlary ýol belgilerini awtomatiki tanamak üçin ulgam döretdiler. Ol heläkçilik howpuny azaltmak üçin sürüjilere ýol çäklendirmeleri barada duýduryş berip biler. Bu barada uniwersitetiň metbugat gullugy habar berdi.

Bu taslama ýollardaky howpsuzlygyň derejesini ýokarlandyrar we ýol belgilerine nädogry düşünilmegi sebäpli ýüze çykýan düzgün bozulmalarynyň sanyny azaldar. Enjam islendik awtoulagda gurnalyp bilner we ol internete ýa-da GPS-e birikmegi talap etmeýär. Şuňa meňzeş ulgamlar daşary ýurtlaryň diňe ýokary derejeli awtoulaglarynda gurnalýar.

«Ýol belgileri çyralaryň ýagtylygynyň düşýän aralygyndan – takmynan, 25 m uzaklykdan okalýar. Soňra ulgam ses kömekçisi ýa-da maňlaý aýnasyndaky proýeksiýa arkaly signal iberýär. Sürüjiniň alnan maglumatlara reaksiýa bildirmegi üçin takmynan 1-5 sekunt wagty bar» diýip, uniwersitetiň Maglumat tehnologiýalary we awtomatlaşdyrylan ulgamlar kafedrasynyň inženeri Aleksandr Larionow belledi.

Işiň dowamynda alymlar erkin paýlanan programma üpjünçiliginiň esasynda kompýuter görüşiniň we maşyn öwrenişiniň häzirki zaman usullaryny ulandylar. Şeýle hem enjamy dürli yşyklandyryş we hapalanma şertlerinde synagdan geçirdiler. Uniwersitetde bu ulgamy awtoulaglaryň önümçilik tapgyrynda hem gurnap boljakdygyny aýtdylar. Ähli synaglardan soň bu programma üpjünçiligi esasynda işleýän enjam satuwa çykarylyp bilner. Ulgam täzelenmeleri ýükläp almak esasynda täze ýol belgilerini seljerip biler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....