NatAstro: DART urgy zondy Dimorf asteroidiniň diňe bir ugruny üýtgetmän, eýsem onuň daşky görnüşini hem üýtgetdi

  • 29.02.2024 07:34
  • 5.5k+

Şweýsariýanyň, Ýaponiýanyň, ABŞ-yň we beýleki ýurtlaryň alymlaryndan ybarat halkara topar NASA-nyň ýörite DART zondunyň urgusynyň kömegi bilen Dimorf asteroidiniň ugruny üýtgetmek boýunça missiýasynyň netijelerini öwrendi. 2022-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda bolup geçen bu çaknyşyk diňe bir kosmos gaýasynyň asylky barýan ugruny üýtgetmek bilen çäklenmän, eýsem onuň daşky görnüşini hem üýtgetdi diýip, Nature Astronomy (NatAstro) ylmy žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar.

Agramy 580 kg bolan DART apparaty, takmynan, 5 million tonnalyk Dimorfa baryp urdy. Alymlaryň bellemegine görä, bu birbada iki awtobusa baryp urlan garynja bilen deňeşdirilýär.
Gabaralaryndaky we agramlaryndaky bu tapawutlar Dimorfdan asteroidi haýalladýan we onuň Didima asteroid-hemranyň töwereginde aýlanyş wagtyny 30 minut artdyran, takmynan, 20 müň tonna daşy we beýleki materiallary döwüp gaçyrmagyna päsgel bermedi.
Gözleg asteroidiň kosmosda magdan gazmagy meýilleşdirýän kompaniýalar üçin gyzykly bolup biljek gowşak gurluşynyň bardygyny görkezdi.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....