Figure AI robotlaryň hakyky şertlerde adamlar üçin howply we kyn işleri nähili ýerine ýetirýändigini görkezdi

  • 27.02.2024 23:54
  • 8.3k+

2021-nji ýylda Google-yň öňki inženerleri tarapyndan döredilen Figure AI başlangyjy gumanoid robotlaryny hakyky iş şertlerinde synagdan geçirip başlaýar diýip, Hi-Tech habar berýär.

Işläp düzüjiler tarapyndan ýerleşdirilen wideoda Figure 01 robotlarynyň zawodda wezipelerini nähili ýerine ýetirýändigi görkezilýär. Robotlar bir işi ýerine ýetirmegiň iň amatly usulyny “kesgitlemäge” mümkinçilik berýän simulýasiýa arkaly taýýarlanýar. Garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykan halatynda operator hakyky wagtda düzediş girizip biler.
Figure 01-iň gollarynda, aýaklarynda we penjelerinde zawodda işlemek üçin ýeterlik güýç we duýgurlyk bar. New Atlas neşiriniň belleýşi ýaly, robotlaryň irki nesli haýal hereket edýär, ýöne Figure 01-iň enjam mümkinçilikleri adam üçin gaty howply, ýadadyjy ýa-da çylşyrymly bolan işleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Figure AI-iň başlangyjy Jeff Bezos kimin maýadarlardan 675 million dollar toplady. Microsoft, Nvidia, OpenAI, Intel, Samsung we beýlekiler hem robotlary ösdürmäge maýa goýdy.
Kompaniýanyň maksady - görüş, lokomosiýa, manipulýasiýa we aragatnaşyk endiklerini, şeýle hem daşky gurşawdan öwrenmek we adamlar bilen aragatnaşyk saklamak ukybyny ýokarlandyran robotlary döretmekden ybarat.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....