Italiýada aýaklary gowşak adamlar üçin ekzoskelet köpçülikleýin satuwa çykarylar

  • 27.02.2024 14:25
  • 11k+

Italiýada gowşak ýa-da düýbünden atrofirlenen myşsalary bolan adamlar üçin robotlaşdyrylan ekzoskelet döredildi. Bu barada «MedicalXpress» habar berýär.

«TWIN» diýlip atlandyrylan ekzoskelet Milanda geçirilen metbugat maslahatynda tanyşdyryldy. Ýörite hereketlendirijiler hassalara dyz we but bogunlaryny epmäge kömek edýär. Enjam ädimiň uzynlygyna, hereket ýetmezçiliginiň derejesine we ýöreýiş tizligine görä sazlanýar.
«TWIN» dürli ýöreýiş tertiplerine eýedir: mysal üçin, oňurga ýiliginiň zeperlenmesinden soň gowşak ýa-da işlemeýän aýaklary bolan hassalar üçin. Ol bedeni dik saklaýar, şeýle hem taýak bilen ýöremäge, durmaga we oturmaga kömek edýär. Mundan başga-da, ol reabilitolog lukmanlary tarapyndan dolandyrylyp bilner.
Iki aýratynlyk ekzoskeleti özboluşly edýär: ol ýeňil materiallardan (şol sanda, alýumin garyndysy) ýasalan we aňsat daşamak üçin modully komponentlere eýedir. Mundan başga-da, dürli ululyklar elýeterlidir, bu bolsa ekzoskeleti adamyň ýaşyna we jynsyna görä uýgunlaşdyrmaga ýardam edýär. Akkumulýator dört sagatlap işläp bilýär we bir sagatda zarýad alýar.
Bilermenler ýakyn wagtda ekzoskelet önümçiligi senagatyny ýola goýmagy umyt edýärler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....