2023-nji ýylda Özbegistana Türkmenistandan 100 müňden gowrak syýahatçy baryp gördi

  • 26.02.2024 11:54
  • 8.2k+

2023-nji ýylyň dowamynda Türkmenistandan Özbegistana syýahat eden jahankeşdeleriň sany 100,3 müň adama barabar boldy. Bu görkeziji babatda Türkmenistan geçen ýylda Özbegistana syýahat eden jahankeşdeleriň ýurt boýunça bölünişiginde öňdäki 6-njy orny eýeledi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Statistika komitetine salgylanyp, upl.uz neşiri habar berýär.

Habar berlişine görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Özbegistana gelen syýahatçylaryň umumy sany 6,6 million adama deň boldy. Bu syýahatçylaryň sany boýunça pandemiýadan öňki derejä ýetilendigini görkezýär. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende bu san 1,4 million adam ýa-da 26,6% artdy. Pandemiýa döwründe, ýagny 2020-nji ýylda Özbegistana bary-ýogy 1,5 million, 2021-nji ýylda hem 1,8 million syýahatçy gelipdi. 2019-njy ýylda 6,7 milliondan gowrak daşary ýurtly Özbegistana syýahat etdi.
Syýahatçylaryň esasy akymy, ýagny 90%-den gowragy GDA-nyň dört ýurduna degişlidir:

  • Täjigistan - 2,15 million adam (ýyllyk ösüş 49,6%);
  • Gyrgyzystan - 1,75 million adam (+ 30.1%);
  • Gazagystan - 1,33 million adam (-14%);
  • Russiýa - 714,3 müň adam (+ 25,8%).

Sanawda Türkmenistan Türkiýe (106,5 müň syýahatçy) bilen Hindistanyň (45,5 müň syýahatçy) arasyndaky orunda ýerleşdi.
Bulardan soň, Özbegistana iň köp syýahat eden adamlaryň sany boýunça Hytaý, Günorta Koreýa, Germaniýa, Italiýa, ABŞ, Fransiýa, Beýik Britaniýa, Ispaniýa, Belarus, Azerbaýjan, Ýaponiýa döwletleri gelýär.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......