Alymlar midiýany we ýüpek gurçugyny ulanyp, hirurgiki operasiýadan soň gan akmany togtatmagyň täze usulyny tapdylar

  • 26.02.2024 09:01
  • 6.2k+

Phohan ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Günorta Koreýa) alymlary hirurgiki operasiýadan soň gan akmany togtatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar. Ol midiýadan we ýüpek gurçugynyň pilesinden alnan gemostatiki serişdä esaslanýar diýip, Small žurnalynyň gözlegine salgylanýan Phys.org ýazýar.

Bu material midiýanyň beloklaryndan we ýüpek fibrininden ybarat iki gatly membranadyr. Midiýanyň beloklary ganyň dokumalara berk ýapyşmagyny üpjün edýär we ýüpek fibrin bolsa onuň çalt uýamagyna kömek edýär.
Täze usulyň artykmaçlygy - gan akmany çalt togtadýanlygynda, bioutgaşmasynda we biologiki dargaýanlygynda. Mundan başga-da, haýwan beloklaryny talap etmeýär we dürli ýaralara laýyk gelýär.
Adaty gemostatiki serişdeler (hasa, bint) hemişe netije berip duranok we howply bolup biler. Beýleki materiallar (fibrin ýelimi, kollagen gubkasy) gymmat we adam ýa-da haýwan belogyny talap edýär.
Täze ýelim-gemostatyň beýle kemçilikleri ýok. Ol dokuma çalt ýapyşýar, gan akmany togtadýar we infeksiýanyň düşmeginiň öňüni alýar.


düýn 10:53
1.9k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....