DNK derňewi demir asyrynda ýaşap geçen Daun sindromly çagalaryň durmuşyny aýdyňlaşdyrdy. Olara nähili garalypdyr?

  • 24.02.2024 17:52
  • 9.2k+

Taryhdan öňki we taryhy mazarlardan alnan galyndylaryň DNK seljermesi Daun sindromly çagalaryň azyndan 5000 ýyllap dürli jemgyýetlerde ýaşandygyny görkezdi diýip, Nature neşiri ýazýar.

Dürli ýurtly paleogenetikler dürli ýurtlardan we döwürlerden alnan 10 000 galyndynyň DNK-syny seljerip, hromosomanyň artyk nusgasy bilen baglanyşykly genetiki keseli bolan alty çagany öwrendiler.
Iň gadymy galyndylar – takmynan, 5000 ýyl ozal ýogalan çaganyň galyndysy Ispaniýanyň demir asyryndan tapyldy. Galan çagalar bürünç eýýamynda (Gresiýa, Bolgariýa) we XVII-XVIII asyrlarda (Finlýandiýa) ýaşapdyrlar.
Mazarlaryň seljermesi çagalaryň hemmesiniň ýaş wagtynda ýogalandygyny, ýöne olaryň alada bilen gurşalan çaga bolandyklaryny görkezdi. Olaryň bäşisi obalaryň çäginde jaýlanypdyr. Käbir mazarlarda köp reňkli monjuk halkalar, bürünç ýüzükler ýa-da balykgulaklar ýaly, adam  jaýlananda ýörite gabyra salynýan zatlar bar.
Maks Plankyň Jemgyýetiniň Ewolýusiýanyň Antropologiýasy Institutynyň gözleginiň şärikdeş awtory Adam Rorlah: "Jaýlanyşyň bu görnüşi Down sindromly çagalaryň şol döwürde jemgyýetiň bir bölegi hökmünde alada bilen gurşalandygyny we gadyr goýlandygyny görkezýär" – diýip belledi.
Şeýle mazarlar, esasanam, jaýlananda gymmatbaha zatlar goýlan gabyrlar şol döwrüň mazarlary üçin seýrek ýagdaýdyr. Gadymy adamlar şeýle bäbekleri aýratyn hasaplap, olara ideg edip, hormat bilen jaýlan bolsalar gerek.
Gözlegler dowam edýär. Geljekde alymlar dürli jemgyýetleriň aýratyn zerurlyklary bolan adamlara nähili garandyklaryny anyklamak üçin DNK derňewini ulanmak isleýärler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....