27-nji martda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler

  • 23.02.2024 23:44
  • 7.2k+

27-nji martda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler. Maslahata görülýän taýýarlyk barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisinde “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TURKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji martynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler.
Halkara ylmy maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan we beýleki daşary ýurtlardan tanymal taryhçylaryň, arheologlaryň, gündogary öwrenijileriň, professor-mugallymlaryň we ýaş alymlaryň, muzeý işgärleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Foruma gatnaşyjylar şeýle hem bu şähere şu ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde guraljak dabaralara we çärelere gatnaşar.

 


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......