Saud Arabystanynda SoftBank -yň goldawy bilen 2024-nji ýylyň ahyryna çenli robot öndürilip başlanar

  • 23.02.2024 17:51
  • 7.1k+

2024-nji ýylyň dekabrynda Saud Arabystanynda robot önümlerini öndürýän kompaniýa açylar. Taslama SoftBank korporasiýasynyň goldawy bilen ýörite döredilen Alat maýa goýum kompaniýasy tarapyndan durmuşa geçirilýär diýip, Bloomberg habar berýär.

Zawoda 150 million dollar maýa goýlar. SoftBank taslama tehnologiki baýlyklaryny, şol sanda iňlis prosessor arhitekturasyny öndüriji Arm-yň we beýleki golçur kärhanalaryň önümlerini berer.
Alat 2025-nji ýylyň ahyryna çenli ýurduň jemi içerki önümine goşýan goşandyny 1 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär.
Şeýle hem, Saud Arabystanynda önümçiligini ýola goýmak isleýän daşary ýurt kompaniýalary üçin hyzmatdaş bolmaga taýyn. Alat-yň goldawy bilen Carrier kompaniýasy 5000 iş ornuny döredip, howa gözegçilik ediş enjamlarynyň zawodyny açjakdygy mälimdir.
Alat-yň beýleki potensial hyzmatdaşlaryndan Hytaýyň Dahua Technology-ny (wideo gözegçilik ulgamlary), şeýle hem Amerikan Lucid Group-yny we Günorta Koreýanyň Hyundai Motor-yny (elektrik ulaglaryny öndürmek) görkezmek bolar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....