Türkmenistan Halkara zähmet guramasyna Aşgabatda wekilini bellemegi teklip etdi

  • 23.02.2024 15:48
  • 2.6k+

22-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara zähmet guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa üçin sebit direktory Beata Andres bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygyny bellediler.
Şunda, taraplaryň arasynda saparyň netijeleri, şu ýylyň 21-nji fewralynda geçirilen ýokary derejeli tegel stol duşuşygynyň ähmiýeti hem-de Halkara zähmet guramasy bilen 2024-nji hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilleri barada pikir alyşmalar geçirildi.
Şeýle-de, Halkara zähmet guramasynyň konwensiýalaryna goşulmak arkaly şertnama-hukuk binýady berkitmek, türkmen hünärmenleriniň bilimlerini ýokarlandyrmak, durmuş ulgamy boýunça hyzmatdaşlar bilen üznüksiz gepleşikleri üpjün etmek we guramanyň öňde duran çärelerine, hususan-da, Halkara zähmet konferensiýasyna taýýarlyk görmegiň meselelerine seredildi.
Bellenilerden başga, Türkmenistanyň hökümeti bilen Halkara zähmet guramasynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary alyp barmak we utgaşdyrmak maksady bilen guramanyň wekilini Aşgabatda bellemek barada türkmen tarapynyň teklibi maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda B. Andres türkmen tarapyna guramanyň hödürnamalaryny ulanmak arkaly Türkmenistanda zähmet bazaryny kämilleşdirmäge we düzgünleşdirmäge ýardam eden saparynyň netijeli geçmegine edilen hemaýatlar üçin minnetdarlyk bildirdi.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......