Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 21.02.2024 21:27
  • 10k+

21-nji fewralda Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar döwletleri, ilkinji nobatda Birleşen Arap Emirlikleri bilen köptaraply hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Söhbetdeşler ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan köp ýyllyk döwletara hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda,  Türkmenistanyň we BAE-niň bu ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem aýratyn üns berýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.


düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......