Protezli adamlara ýylylygy we sowugy duýmaga mümkinçilik berýän tehnologiýa döredildi

  • 21.02.2024 11:59
  • 5.6k+

Italiýaly we şweýsariýaly alymlar el-aýagy amputirlenen adamlara protezleri arkaly galtaşýan zatlarynyň temperaturasyny duýmaga mümkinçilik berýän özboluşly MiniTouch ulgamyny döretdiler. Tehnologiýa amputasiýadan soň ýitirilen ýylylygy we sowugy duýmak duýgusyny dikeldýär diýip, 4PDA habar berýär.

MiniTouch ulgamy proteziň ujunda ýerleşýän temperatura datçiginden we eliň sütünine berkidilen ýyladyş elementinden durýar. Sensor derä degende, ýyladyş elementine iberilýän elektrik signallaryny döredýär. Bu element deriniň üstki temperaturasyna baglylykda gyzdyrýar ýa-da sowadýar. Şeýlelik bilen, kökdäki nerwler temperaturanyň üýtgemegine täsir edýär we beýnä signal iberýär. Netijede, adam signaly barmagyň ujundan gelýän ýaly duýýar.
MiniTouch tehnologiýasy eli amputirlenen 57 ýaşly bir adamda synag edildi. Ol suw çüýşesiniň we metal kublaryň temperaturasyny dogry kesgitläp, hatda, gözüni baglasalarda, adam elini protezden tapawutlandyryp bilýärdi. Jogaplaryň takyklygy 80% boldy.
MiniTouch ulgamy Italiýada Sant-Annanyň öňdebaryjy gözlerler mekdebiniň we Şweýsariýanyň Lozanna Federal mekdebiniň (EPFL) işgärleri tarapyndan işlenip düzüldi.


şu gün 10:53
598

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....