“Öz şahyrymyz”. Özbegistan Türkmenistan bilen Magtymgulynyň 300 ýyllygyny giň gerimde bellemäge taýýarlanýar

  • 20.02.2024 19:50
  • 12k+

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giň gerimde bellemek barada karara gol çekdi. Resminama Respublikanyň Baştutanynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Kararda türkmen halkynyň beýik ogly, görnükli şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň diňe bir türki halklaryň däl, eýsem bütin dünýäniň edebiýat we medeniýet taryhynda aýratyn orun eýeleýändigi, şeýle-de söz ussadynyň hemişe adamlaryň aladasy bilen ýaşamaga, dürli milletleriň we halklaryň arasynda dostluk we ylalaşyk gatnaşyklaryny berkitmäge çagyrýan eserleriniň hemmeler üçin, aýratynam ýaşlar üçin ahlak görkezijisidigi bellenilýär.
Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň türkmen nusgawy şahyrynyň eserleriniň iň köp neşir edilýän we okalýan ýurtlarynyň hataryna girýändigini belledi.

“Biziň ýurdumyzda nusgawy şahyryň goşgularynyň, olaryň esasynda döredilen aýdymlaryň ýaňlanmaýan öýi ýokdur we olary bilmeýän özbek hem tapylmasa gerek. Geçen ýüzýyllyklarda Magtymguly halkymyz üçin öz şahyryna öwrüldi” diýlip, Özbegistanyň prezidentiniň kararynda aýdylýar.

Resminamada Magtymgulynyň öz döwründe Hywadaky Şirgazy han medresesinde okandygy hem-de şahyryň Alyşir Nowaýyny öz ruhy halypalarynyň biri hökmünde ençeme gezek ýatlandygy we munuň hem biziň halklarymyzyň taryhy dostlugynyň ajaýyp nusgasydygy bellenilip geçilýär.
Mirziýoýew iki doganlyk halklary tarapyndan hormatlanýan şahyryň eserleriniň Özbegistanda uly tiraž bilen neşir edilýändigini, şahyryň hatyrasyna Daşkent we Hywa şäherlerinde ýadygärlik toplumlarynyň bina edilendigini belledi.
Indi Özbegistan “özbek halkynyň Magtymguly Pyraga we şonuň bilen Türkmenistanyň doganlyk halkyna hormat goýmagyň nyşany hökmünde” beýik nusgawy şahyryň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär.
Şunuň bilen baglylykda, özbek lideri Medeniýet ministrliginiň, Ýokary bilim, ylym we innowasiýalar ministrliginiň, Mekdebe çenli we mekdep bilimi ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Ýazyjylar birleşiginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Respublikan ruhy we aň-bilim merkeziniň, Sungat akademiýasynyň, Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar boýunça komitetiň, şeýle-de jemgyýetçilik wekilleriniň Özbegistanda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny giňden bellemek baradaky tekliplerini tassyklar.
Resminama bilen Magtymgulynyň ýubileýini bellemek boýunça guramaçylyk komitetiniň düzümi hem tassyklandy. Abdulla Aripowyň ýolbaşçylygyndaky guramaçylyk komitetine Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny ýokary derejede bellemek boýunça çäreleriň Maksatnamasyny tassyklamak üçin iki hepde möhlet berildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......