Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi açyldy

  • 20.02.2024 14:29
  • 10k+

18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde institutda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat hem geçirildi. Diplomatik protokol Hökümetler, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr. Protokolyň düzgünleri «halkara sypaýyçylyk» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlara laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar.
Şeýlelikde, Halkara gatnaşyklary institutynda degişli okuw merkezini döretmek baradaky kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrar.


düýn 19:38
3.5k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......