Agaçlar global ýylamany saklap biler. Alymlar ABŞ-nyň gündogaryndaky täsin hadysany gürrüň berdiler

  • 21.02.2024 06:19
  • 5.7k+

Alymlar ABŞ-nyň gündogar böleginiň beýleki ýerlerden tapawutlylykda global ýylama hadysasyna sezewar bolmandygyny anykladylar. Gözleglere görä, bu täsin hadysanyň sebäbi bu ýerde tokaýlaryň giň gerimde dikeldilmegi boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.

ABŞ-da kolonial döwri başlanaly bäri tokaýlar oba hojalygy we gurluşyk işleri üçin işjeň çapyldy. Ýöne 1920-nji ýyllardan ýagdaý üýtgedi: şäherleşme ilatyň oba ýerlerinden gitmegine getirdi, ABŞ-nyň hökümeti bolsa tokaýlary dikeldiş maksatnamasyny işe girizdi. Netijede, geçen asyrda ýurduň gündogarynda 15 mln gektar töweregi tokaý massiwleri ekildi. Dikeldilen tokaýlar sebitiň klimatyna sowadyjy täsiri ýetirdi. 
Ýagny, agaçlaryň ýapraklary tarapyndan suwuň bug görnüşinde howa zyňylma hadysasy (transpirasiýa) howanyň temperaturasynyň peselmegine sebäp boldy.
Alymlar 1900-nji ýyldan 2000-nji ýyl aralygyndaky döwür üçin hemralardan we meteostansiýalardan alnan maglumatlary öwrenip, dikeldilen tokaýlardan sowadyjy täsiriň 400 metre çenli aralyga ýaýraýandygyny anykladylar.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....