Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy iýun aýynda geçiriljek halkara maslahata çagyrýar

  • 18.02.2024 15:17
  • 4.5k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň alymlaryny «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrýar.

Ylmy maslahat aşakdaky ugurlar boýunça geçiriler:

  • – nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, täze materiallara barlaglary geçirmek we energetika;
  • – biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika;
  • – maglumat we kommunikasion ulgamlar, kompýuter tehnologiýalary;
  • – häzirki zaman lukmançylygy we derman önümçiliginiň tehnologiýalary;
  • – innowasion ykdysadyýet;
  • – ynsanperwer ylymlar.

Gatnaşmaga gyzyklanma bildirýänler hasaba alyş beýanatyny doldurmalydyrlar hem-de şu ýylyň 31-nji martyna çenli çäräniň guramaçylyk toparyna teklip edilen temalara laýyklykda ylmy tezislerini we hasabatlaryny taýýarlap tabşyrmalydyrlar. Gatnaşmak üçin haýyşnamanyň nusgasy, ylmy işleri bellige almagyň düzgüni, guramaçylar bilen habarlaşmak üçin salgylar hem-de beýleki möhüm maglumatlar TYA-nyň resmi saýtynyň täzelikler bölüminde ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän halkara ylmy maslahat 12-13-nji iýunda utgaşykly görnüşde, türkmen, iňlis we rus dillerinde geçiriler.


düýn 19:38
4.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......