Rumyniýada Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

  • 18.02.2024 15:04
  • 2.3k+

15-nji fewralda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Magtymguly Pyragy-türkmen mugallymy, dünýäniň akyldary we şahyry” atly halkara maslahat we 25-nji fewrala çenli Rumyniýanyň Milli kitaphanasynda dowam etjek şahyryň döredijiligine bagyşlanan sergi gurady.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, maslahata Parlamentiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Ylymlar akademiýasynyň, muzeýleriň, söwda we senagat palatalarynyň wekilleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri we Rumyniýanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdy.
Çykyş edenler şahyryň döredijiliginiň türkmen diliniň we edebiýatynyň ösüşine täsiri, türkmen halkynyň milli özboluşlylygy we döwletliligi, şeýle hem ählumumy ruhy gymmatlyklaryň hazynasyna goşan goşandy barada söhbet etdiler.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragy hakynda we Rumyniýanyň Milli Telewideniýesi tarapyndan taýýarlanan Türkmenistan barada dokumental film görkezildi. Şeýle hem, talyplar dürli dillerde türkmen edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň goşgularyny okadylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......