Raşid Meredow Hindistanyň ilçisinden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

  • 16.02.2024 14:36
  • 4.5k+

15-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Bhagatdan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetine üns çekdiler.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet hem-de syýahatçylyk pudaklary kesgitlenildi. Şeýle hem, sanly we häzirki zaman maglumat hem-de aragatnaşyk tehnologiýalary ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......