Stambulyň Gubernatory Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş Konsullygyna baryp gördi

  • 16.02.2024 13:53
  • 12k+

15-nji fewralda Stambul şäherindäki Türkmenistanyň Baş Konsullygynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş Konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawud Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara hyzmatdaşlygy, hususan-da, bilim pudagynda we iki döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Baş Konsul 2024-nji ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygaryň astynda geçýändigini, onuň çäklerinde bolsa, Türkmenistanda we tutuş dünýäde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreleriň gurnalýandygyny aýtdy. Şunda, TÜRKSOÝ guramasynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginiň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýänliginiň subutnamasyna öwrülendigi bellenildi. Şeýle-de, şu ýylda Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäheri ähmiýeti barada hem nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Baş Konsullygy bilen Stambul häkimliginiň arasynda bilelikdäki iş meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hem pikir alyşdylar.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......