«Aşgabat – Sanýa». Hytaýyň Haýnan syýahatçylyk adasyna howa gatnawyny açmak meseleleri öwrenilýär

  • 15.02.2024 18:51
  • 7.2k+

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň Hytaýyň Hainan Weidu International Travel Co. Ltd kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyklarynda syýahatçylyk ugurlaryny guramak we Aşgabat-Sanýa (Haýnan adasyna) uçar gatnawyny açmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Haýnan adasy ösen syýahatçylyk düzümleri, dürli röwüşli tropiki tebigaty, arassa deňiz suwy we suwa düşülýän kenarýakalary, şypaly gyzgyn çeşmeleri bilen tanalýar. Galyberse-de, Haýnan ýylboýy işleýän şypahanadyr. Adada hyzmatlaryň ählisi bolan amatly myhmanhanalar bar.
9–12-nji fewral aralygynda geçirilen duşuşyklarda bellenip geçilişi ýaly, syýahatçylyk pudagynda geljegi uly hyzmatdaşlyk Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklary pugtalandyryp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze itergi berer.
Duşuşyklara gatnaşan Türkmenistanyň «Aziýanyň merjeni», «Bagtyýar dostluk», «Dag syýahat», «Aşgabatsyýahat» syýahatçylyk kompaniýalary hem hytaýly syýahatçylaryň ýurdumyza syýahatyny guramaga gyzyklanma bildirdiler.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde daşary ýurduň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýine, Türkmen halysynyň muzeýine we «Nusaý» döwlet medeni-taryhy goraghanasyna baryp gördi. Mundan başga-da, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hytaý kompaniýasyny ýakyn wagtda geçiriljek «Ak şäherim – Aşgabat» halkara sergisine gatnaşmaga çagyrdylar.
Hytaýda syýahatçylyk pudagynda iň abraýly kompaniýalaryň biri Hainan Weidu International Travel Co. Ltd kompaniýasynyň dürli ulaglarynyň ençemesi bar. Ýewropa, Aziýa we GDA ýurtlaryndan iri syýahatçylyk operatorlary kompaniýanyň hyzmatdaşlarydyr.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......