Dubaýda taksiler gökden ýol ýasar. 2026-nji ýyla çenli şäherde uçýan taksiler işe giriziler

  • 15.02.2024 16:07
  • 23k+

Dubaý täjirçilik elektrik howa taksi hyzmatyny we uçýan taksiler üçin uçuş-gonuş meýdançalaryny işe girizjek dünýäde ilkinji şäher bolmagy maksat edinýär.

Dubaýyň Ýollar we ulag müdirligi (RTA) bilen ABŞ-nyň Joby Aviation kompaniýasynyň arasynda gol çekilen şertnama laýyklykda, howa taksisi 2026-njy ýyla çenli işe giriziler diýip, TimeOut Dubai habar berýär.
Uçýan Joby S4 taksileri, takmynan, 160 km aralyga dört ýolagçyny we piloty gatnadyp biler. Taksiniň iň ýokary tizligi sagatda 320 km bolar. Olar juda pessaý sesli we uglerod zyňyndysyz işlärler.
Dubaýyň hemme ýerinde howa menzilleri şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin elýeterli bolar. Olaryň gurluşygy Britaniýanyň Skyports Infrastructure kompaniýasy  tarapyndan amala aşyrylar.
Howa taksisi ýol dyknyşyklaryny aýyrmaga we şäheriň içinde hereketi has çalt we amatly etmäge ýardam etjek ulag görnüşindäki öwrülişik bolar.
Dubaý öz innowasiýa taslamalary bilen köpden bäri tanalýar we howa taksisiniň işe girizilmegi geljege tarap ýene bir ädim bolar.


23.06.2026 13:48
4.2k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......