Sankt-Peterburgda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açylar

  • 14.02.2024 00:57
  • 8.5k+

Sankt-Peterburg şäheriniň taryhy merkezinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy beýik türkmen şahyry, Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça şu ýylda göz öňünde tutulan medeni maksatnamanyň düzüminde halkara derejede möhüm wakalaryň biri bolar. 

Şeýle wakalaryň hatarynda 17-18-nji maýda geçiriljek Medeniýet ministrleriniň halkara maslahatyny, 11-nji oktýabrda geçiriljek Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň halkara forumyny görkezmek bolar. Aşgabatda akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň uly ölçegli ajaýyp ýadygärliginiň we adamzadyň dünýä ruhy hazynasyna goşant goşan daşary ýurt şahyrlarynyň we akyldarlarynyň ýadygärlik toplumynyň açylmagy şu ýylyň möhüm wakasy bolar. 
Mundan daşary, Sankt-Peterburgda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini açmak, Russiýanyň dürli şäherlerinde, hususan-da, Moskwada, Kazanda, Astrahanda we Woronežde halkara ylmy maslahatlary we tegelek stollary guramak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berýär. 
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky diplomatik wekilhanasy geçen hepdede Sankt-Peterburgda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitaby bolan “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Duşuşykda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda türkmen poeziýasynyň nusgawy şahyry, pelsepeçi we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini döwlet we halkara derejesinde mynasyp belläp geçmek babatynda ýaýbaňlandyrylan we amala aşyrylýan giň göwrümli işlere aýratyn üns berildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......