Microsoft Hindistanyň 2 mln ýaşaýjysyna emeli aňdan peýdalanmak başarnyklaryny öwreder

  • 11.02.2024 18:28
  • 9.3k+

Microsoft korporasiýasy 2025-nji ýyla çenli Hindistanyň 2 mln ýaşaýjysyna emeli aňdan peýdalanmak başarnyklaryny öwretmegi maksat edinýän ADVANTA(I)GE INDIA maksatnamasyny hödürledi. Bu barada korporasiýanyň ýolbaşçysy Satýa Nadella Hindistana resmi sapary wagtynda aýtdy diýip, kommersant.ru habar berýär.

Mumbaýda biznes wekilleriniň öňünde eden çykyşynda Nadella kompaniýalary öndürijiligi we önümiň hilini ýokarlandyrmak üçin emeli aňdan peýdalanmaga çagyrdy. Korporasiýanyň hasabyna görä, hindi kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň 90%-i işgärlere emeli aňy ulanmak başarnyklarynyň zerurdygyny aýdýar. Şol bir wagtyň özünde, işçileriň 78%-i emeli aň pudagyndaky öz bilimlerini we başarnyklaryny aktual meseleleri çözmek üçin ýeterlik däl hasaplaýar.
Microsoft orta we kiçi şäherlerde, şeýle-de oba ýerlerinde hindistanlylary emeli aň bilen işlemek başarnyklary boýunça okadyp başlar. Okuw ýerli iş merkezleri, mekdepler, kollejler we uniwersitetler arkaly alnyp barlar. Onuň şäherlerde 500 müň talyby we Hindistanyň uzak sebitlerinde 400 müň mekdep okuwçysyny özüne çekmegine garaşylýar.
Mundan başga-da, kompaniýa Hindistanyň 250 müň döwlet işgäriniň hünärini ýokarlandyrmagy we ýurduň 2,5 müň täjirçilik däl guramalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär, olar hem, öz gezeginde, emeli aň bilen işlemegi ýene 750 müň adama öwredip biler. Bu maksatnamanyň çäginde Microsoft 2024-nji ýylyň aprel aýynda Hindistanyň täjirçilik däl guramalarynyň ýolbaşçylary üçin sammit geçirmekçi bolýar. Kompaniýa okuw üçin zerur ähli enjamlar we programma üpjünçiligi bilen üpjün eder.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

17.03.2026 16:47
988

Windows 11-i täze arzan MacBook Neo-da işletmek başartdy

Parallels programma üpjünçiligini işläp düzüjiler wirtual maşyn arkaly Windows 11 operasion ulgamyny arzan MacBook Neo noutbugynda işledip bolýandygyny habar berdi. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, «Parallels» programmasy enjama bökdençsiz gurnalýar, wirtual maşynlar bolsa durnukly işleýär...

07.03.2026 17:10
960

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...