Ford-yň täze ulaglary Tesla Model 3 we arzan hytaý awtoulaglary bilen bahada bäsleşip biler

  • 09.02.2024 00:04
  • 7.7k+

Ford ozal näbelli “skunkworks topary” bilen bilelikde Tesla-nyň we Hytaý öndürijileriniň elektrik awtoulaglary bilen bahada bäsleşip biljek elektrik ulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýar. Bu barada motor1-e salgylanýan IXBT.com habar berdi.

Ford-yň baş direktory Jim Farliniň sözlerine görä, arzan bahaly täze elektrik platformasy soňky iki ýylda kompaniýanyň daşyndaky “başlangyç” hökmünde işleýän skunkworks topary tarapyndan işlenip düzülýär.
Bu täze çeýe platforma geljekde birnäçe awtoulag üçin esas bolmalydyr.
Häzirlikçe geljekki awtoulaglaryň aýratynlyklary mälim edilmedi. Farli platformanyň esasy maksadynyň “Tesla we elýeterli hytaý awtoulaglary” bilen bäsleşip biljek, ulanyjylar üçin arzan bahany saklamakdan ybaratdygyny belledi.
Tesla Model Y elektrikli Ford Mustang Mach-E-den birnäçe müň dollar arzan, Tesla-nyň iň arzan awtoulagy bolan Model 3 sedany bolsa 8000 dollar arzan.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

19.06.2026 19:45
1.9k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......