Minskide Türkmenistanyň ilçisi türkiýeli kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

  • 07.02.2024 17:58
  • 6.7k+

Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew Türkiýe Respublikasynyň Minskidäki täze ilçisi Güýçlü Jem Yşyk bilen duşuşdy. Duşuşyk 5-nji fewralda türkmen ilçihanasynyň binasynda türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Taraplar söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary depgindäki ösüşiniň, şeýle hem iki ýurduň umumy taryhyna, diline, dinine we medeniýetine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň, çeşmeleriniň we geljeginiň bardygy nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy habar berdi.
Nazarguly Şagulyýew türk kärdeşine 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçirilýändigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurtda we daşary ýurtlarda beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli çäreler geçirilýär.
Şeýle hem TÜRKSOÝ-yň çäginde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ýyly diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Änew şäheriniň şu ýyl türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip ykrar edilmegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň birnäçe çäreleri, şol sanda däp bolan çäreler geçiriler.
Duşuşygyň ahyrynda N.Şagulyýew myhmana Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaşlaryň ýurduň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna gönükdirilen döwlet Baştutany tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatyna bagyşlanan “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabyny sowgat berdi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......