Sadyr Žaparow ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan etdi

  • 06.02.2024 20:55
  • 19k+

6-njy fewralda gyrgyz tarapynyň başlangyjy boýunça Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň  arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada gyrgyz Lideriniň Metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň adyndan hem-de hut öz adyndan Bişkek şäherindäki ýylylyk elektrosentralynda bolup geçen hadysa baradaky habara duýgudaşlyk bildirdi.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bolup geçen hadysa baradaky habary alan badyna birek-biregi goldamak däplerine  eýerip,  Gyrgyzystana ynsanperwerlik ýüküni ugratdy we zerur bolan ýagdaýynda ähli kömegi bermäge taýýardyr. Serdar Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, doganlyk ýurda çylşyrymly ýagdaýy ýeňip geçmekde goldaw beriji sözlerini aýtdy we ýylylyk elektrosentralyndaky dikeldiş işleriniň tiz wagtda tamamlanmagyny arzuw etdi. 
Prezident Sadyr Žaparow gyrgyz halkynyň adyndan we öz adyndan bu çylşyrymly pursatda duýgudaşlyk sözleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. Gyrgyzystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, goňşy döwlete ilkinjileriň hatarynda kömek beren Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara onuň ýurdunda ýokary baha berýärler. Mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Sadyr Žaparow türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi hem-de berlen goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirdi. 
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Bişkek şäheriniň ýylylyk elektrik stansiýasynyň işinde dörän duýdansyz bökdençlik zerarly, "Türkmengaz" döwlet konserni 2 müň tonna möçberdäki suwuklandyrylan gazy dost-doganlyk kömegi hökmünde Gyrgyz Respublikasyna iberdi. Dostlukly ýurduň paýtagtynyň elektrik stansiýasynda bolan hadysa sebäpli 60 müň öý we durmuş maksatly desga elektrik energiýasyz galdy


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......