Türkmenistan Ýewropa maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

  • 03.02.2024 01:24
  • 5.3k+

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen Ýewropa maýa goýum bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistan 1992-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň agzasy bolup durýar. Bu bank bilen ýurdumyzyň dokma senagaty, oba hojalygy, ulag we logistika hem-de hususy ulgamynda maýa goýumlaryny amala aşyrmak we karz serişdelerini gönükdirmek boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu bank bilen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň maliýe serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda 87 taslama amala aşyryldy. Häzirki wagtda 22 sany taslamany durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Ýewropanyň Maýa goýum banky 1958-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda, Ýewropa Bileleşigine girýän 27 döwlet bu bankyň paýdarlary bolup durýar. Bu bank dünýäniň 160 döwleti, bank edaralary, BMG we beýleki halkara guramalary, jemgyýetçilik guramalary we hususy ulgam bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bankyň maýa goýumlary we karz serişdeleri esasan daşky gurşawy, howanyň üýtgemegi, innowasiýa, sanly ulgam, adam kapitalynyň ösdürilmegi, kiçi we orta telekeçiligi, durnukly şäherler we sebitler, energiýa we durnukly ulag ýaly ugurlara gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan  bilen Ýewropanyň Maýa goýum bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, hususan-da, Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça gepleşikleri geçirmek, şeýle hem beýleki degişli meseleler boýunça teklipler beýan edildi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere, daşary işler ministrine  Türkmenistan bilen Ýewropa maýa goýum bankynyň  arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri dowam etmegi, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara bu halkara bankynyň maýa goýumlaryny çekmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.


şu gün 14:19
645

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

09.05.2026 15:30
2.5k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......