Hytaýda gurluşyk meýdançasyndan ýaşy 90 million ýyla golaý bolan dinozawryň galyndylary tapyldy

  • 01.02.2024 14:29
  • 22k+

Paleontologlar Hytaýda ýaşy 90 million ýyla golaý bolan dinozawryň galyndylaryny tapdylar, ol täze görnüşe degişli bolup biler diýip, Xinhua agentligi belleýär. Muny TASS ýetirýär.

Hek döwrüne degişli bolan bu tapyndynyň heniz 2021-nji ýylda Szýansi gündogar welaýatynyň Gançžou şäherindäki gurluşyk meýdançalarynyň birinde üstünden baryldy. Gözlegleriň dowamynda alymlar galyndylaryň Titanozawrlaryň täze görnüşine degişlidigini anykladylar we ony Gandititan cavocaudatus diýip atlandyrdylar. Umuman alanyňda, onuň skelet süňkleriniň 40%-i tapyldy.
Tapyndylaryň arasynda, aýratynam, dinozawryň bedeniniň uzynlygynyň, takmynan, 14 metrdigini çaklamaga mümkinçilik berýän gowy saklanan oňurga süňki bar. Bu açyş hek döwründe bu görnüşiň ewolýusiýasyny we ýaýrawyny öwrenmek üçin möhüm ähmiýete eýe diýip, alymlar belleýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....