Serdar Berdimuhamedow ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmegi tabşyrdy

  • 23.01.2024 00:17
  • 8.4k+

22-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, welaýatlarynyň häkimlerine söz berildi. Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Öňümizdäki ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary hem-de gurallary taýýarlamak bilen bir hatarda, pagtaçy kärendeçileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin tohumlyk çig maly pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkimler welaýatlarda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerlerini ekişe taýýarlamak boýunça, şeýle hem welaýatyň ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, suwaryş we şor suw akabalarynda geçirilýän işler barada hasabat berdiler.

Soňra wise-premýer T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary, şeýle hem ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezident hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini, hususan-da, bu ekinleriň tohum üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Oba milli maksatnamasynda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.


11.05.2026 22:55
972

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......