Serdar Azmun BAE-niň çempionatynyň iň gymmatly oýunçysy hökmünde «Altyn top» baýragyny aldy

  • 12.08.2025 14:38
  • 13k+

Birleşen Arap Emirliklerinde 2024/25 möwsüminiň iň gowy futbolçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Çärede «Şabab Al-Ahli» klubunyň hüjümçisi Serdar Azmun liganyň iň gymmatly oýunçysy hökmünde «Altyn top» baýragyna mynasyp boldy. Bu barada Pro-liganyň sosial ulgamlarynda habar berildi.

Asly türkmen bolan eýranly hüjümçi «Şabab Al-Ahli» klubuna BAE çempionlygyny gazanmaga kömek etdi.
Geçen möwsümde Azmun çempionatda 21 oýunda çykyş edip, 11 gol geçirip, 6 gol pasyny berdi. Futbolçy ähli ýaryşlarda klub üçin jemi 39 oýunda meýdana çykyp, 26 gol geçirip, 10 gol pasy bilen tapawutlandy.
Hüjümçi Eýranyň milli ýygyndysynda çykyş edýär we milli toparyň öňdebaryjy oýunçylarynyň biri hasaplanýar.


düýn 03:30
7.8k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......

30.05.2026 18:13
4.1k+

«Liwerpul» Arne Sloty wezipesinden boşatdy

«Liwerpul» toparynyň baş tälimçisi Arne Slot eýeleýän wezipesinden gitdi. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär....

30.05.2026 11:32
6.8k+

«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar

Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär....

30.05.2026 11:26
9.1k+

TFF-iň başlygy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň wise-prezidenti saýlandy

Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň (TFF) başlygy Guwançmuhammet Öwekow Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) wise-prezidenti wezipesine saýlandy. Bu çözgüt 26-njy maýda onlaýn formatda geçirilen......