Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durky täzelener

  • 21.01.2024 00:30
  • 15k+

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy H.Hajymyradowyň we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de “Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň” wise-prezidenti B.Rejebowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. 

Iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.  Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy Gurbanguly Berdimuhamedowy toplumyň çäginde ýerine ýetirilmeli işleriň görnüşleri, aýratyn-da, binalaryň içki bezegi boýunça taýýarlanylan taslamalar, toplumyň binalarynyň enjamlarynyň görnüşleri bilen tanyşdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Şeýle hem bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna toplumyň binalarynyň daşky görnüşlerini döwrebaplaşdyrmak, onuň çäginde bar bolan gök zolaklaryň, ulag ýollarynyň we ýanýodalarynyň durkuny täzelemek boýunça taýýarlanylan taslamalar hem-de binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly çyzgylar görkezildi. Olaryň hatarynda 60-a golaý bedewe niýetlenen 7 sany athananyň, toplumyň ot-iým bilen üpjünçiliginde ähmiýetli bolan täze ammarlaryň  ýapyk manežiň taslamasy bar. 


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......