Türkmenistan 2023-nji ýylda Azerbaýjana baran syýahatçylarynyň sany boýunça top-15-lige girdi

  • 20.01.2024 22:51
  • 11k+

2023-nji ýylda Azerbaýjana baran Türkmenistanyň raýatlarynyň sany ýyl hasabyndaky möçber boýunça 2,3 esse artyp, Respublika baryp gören syýahatçylaryň umumy sanynyň 1,2%-ini emele getirdi. Bu barada Report Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.

Umuman aýdanyňda, 2023-nji ýylda 187 ýurtdan 2 million 085 müňden gowrak syýahatçy Azerbaýjana baryp gördi, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan 30,2% köpdür.
Geçen ýyl bu ýurda baran syýahatçylaryň 30% töweregi Russiýa Federasiýasyndandy. Ikinji orunda Türkiýe (18,1%), Eýran üçünji orunda (7,9%), dördünji orunda Hindistan (5,6%) durýar. Bu görkeziji boýunça Türkmenistan ilkinji 15 ýurduň hataryna girýär.
Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk gullugynyň habaryna görä, 2022-nji ýylda Türkmenistandan Azerbaýjana baryp gören syýahatçylaryň sany, takmynan, 11 müň raýat boldy.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......