Türkmenistanly okuwçylar üçin immunizasiýa boýunça saglyk okuwlary geçildi

  • 20.01.2024 16:21
  • 7k+

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky edarasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde mekdep okuwçylary üçin immunizasiýa we sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça saglyk okuwlaryny geçirdiler.

Aşgabat, Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Köneürgenç, Mary, Baýramaly, Türkmenabat we Kerki şäherlerinde geçirilen okuwlara ýurdumyzyň otuz sany orta mekdebine wekilçilik edýän 1800-den gowrak okuwçy gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Bu okuw Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynda ýörite okuwyny tamamlan 20 maşgala lukmany we immunolog tarapyndan geçirildi. Sapaklary Bu okuw okuwçylaryň ýokanç keseller baradaky düşünjelerini, sanjymyň ähmiýetini ýokarlandyrmak we gündelik durmuşynda sagdyn endikleri ornaşdyrmak üçin guraldy.
Şeýle hem okuwçylar immunizasiýa we sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky bilimleri güýçlendirmek üçin BSG tarapyndan orta mekdep okuwçylary üçin işlenip düzülen «Immun Patrul» sanly moduly düşünjesi bilen tanyşdylar. Okuwa gatnaşyjylara Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
2024-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin direktory «Youth4Health» guramasynyň ýörite başlangyjy hökmünde türkmen ýaşlaryny saglyk meselelerini çözmäge çekmegi dowam etdirer.


düýn 11:31
3.1k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......