Mähri Bäşimowa BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili Kaha Imnadze bilen duşuşdy

  • 17.01.2024 15:14
  • 5.8k+

16-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda M.Bäşimowa K.Imnadzeni jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de hyzmatdaşlygy we parahatçylygy berkitmek, şeýle hem ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi saklamak meselesindäki merkeziň tutuş sebit boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.
Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy”, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş gullugy ýaly köptaraplaýyn diplomatiýanyň mehanizmleri bilen işlemek boýunça başlangyçlaryny işjeňleşdirmek we öňe sürmekde BMG-niň Aşgabatdaky sebit merkeziniň ornuny artdyrmaga hem-de howpsuzlyk, bilim we hökümet işgärlerini beýan edildi.
Taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde öňe sürlen Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu nukdaýnazardan, ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde Türkmenistanyň toplumlaýyn çemeleşmesiniň we durmuşa geçirilmegine goşýan goşandynyň ähmiýeti bellenildi.
Diplomatlar ýakyn wagtda meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
3.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......