Gazagystanyň medeniýet ministri türkmen ilçisi bilen Astanada Magtymgulynyň heýkelini oturtmak meselesini maslahatlaşdy

  • 17.01.2024 14:49
  • 4.6k+

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow Respublikanyň medeniýet we maglumat ministri Aida Balaýewa bilen duşuşdy. Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini, hususan-da, Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkelini oturtmak meselesini maslahatlaşdylar diýip, türkmen diplomatik wekilhanasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkelini we Aşgabatda Abaý Kunanbaýewiň heýkelini oturtmak barada ylalaşyk Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Gazagystana döwlet saparynyň barşynda gazanyldy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen diplomaty ministre türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa "Arkadag - geljegiň şäheri" kitabyny sowgat berdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......