Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

  • 15.01.2024 23:30
  • 11k+

15-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Maslahatyň barşynda welaýatlaryň häkimleri we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, degişli ideg işleri alnyp barylýar. 
2024-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerleri sürmek, tekizlemek, geriş çekmek işleri dowam edýär. 
Ýazky ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk pagtany gaýtadan işlemek hem-de tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, olary talabalaýyk saklamak babatda degişli işler ýerine ýetirilýär. 
Şunuň bilen birlikde, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallary möwsüme taýýar edilýär. Şeýle hem ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýetip gelýän ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly hem-de bökdençsiz geçirmegiň esasy şertleriniň biridigini belledi we gowaça ekiljek meýdanlaryň, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň, gurallaryň, her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň möwsüme doly taýýar edilmegi babatda tabşyryklary berdi. 


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
749

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......