Türkmen alymlary farmasewtikada peýdaly bolan glediçiýadan gel almagyň tehnologiýasyny döretdiler

  • 11.01.2024 20:42
  • 28k+

Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň alymlary glediçiýa agaç tohumyndan galaktomannan hökmünde belli bolan tebigy geli almagyň tehnologiýasyny işläp taýýarladylar. Goýaldyjy görnüşinde şeýle gel, köplenç, derman we azyk senagatynda ulanylýar diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde neşir edilen makalada aýdylýar.

Merkeziň biotehnologiýalar barlaghanasynyň hünärmenleri ösümlik çig malyndan galaktomannanlary aýratynlandyrmak we olaryň fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmek üçin köp tejribe geçirdiler.

“Öň birnäçe alymlar tarapyndan bu ösümlik bilen bagly geçirilen gözleglerden tapawutlylykda, biz tohumlar we kösükler bilen bir wagtda işledik, olardan sowuk we gyzgyn ekstraksiýa usullary bilen polisaharidler aýratynlandyryldy we arassalandy. Häzirki wagtda biz çaýyň, kofeniň ýerini tutujylaryň, toşabyň, haýwanlar üçin iýmleriň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, ýumşak derman formasyny – tebigy geli döretmek üçin glediçiýany öwrenmegi dowam etdirýäris” – diýip, barlaghananyň ýolbaşçysy Altyn Rahmanowa belleýär.

Glediçiýa gymmatly seýilgäh agajy hökmünde giňden peýdalanylýar, toprak gatlagynyň şorlaşmagyna çydamly, yssa, gurakçylyga we doňakçylyga çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň ömür dowamlylygy, takmynan, 100 ýyl.
Lukmançylykda ýapraklaryň düzümindäki gan basyşy peseldýän alkaloid triakantin peýdalanylýar. Şeýle-de, glediçiýa iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerini bejermekde ulanylýar. Ol iýmit goşundysy, sazlaýjy, goýaldyjy we gel emele getiriji hökmünde azyk, dokma, farmasewtika senagatynda we lukmançylykda hem peýdalanylýar.


şu gün 20:00
451

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

şu gün 17:07
512

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......