Hytaýly alymlar Bokurdak şäherçesine baryp gördüler

  • 08.01.2024 15:29
  • 27k+

Hytaýdan alymlar Türkmenistana geldiler. Dekabr aýynyň ahyrynda ýurduň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri üçin Garagumyň tebigy ýerlerine gezelenç guraldy diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Ýurdumyza gelen hünärmenleriň arasynda Sinszýanyň Ekologiýa we geografiýa institutynyň hem-de onuň Beýik Ýüpek ýoly üçin ýaşyl ösüş gözleg merkeziniň, şeýle-de Hytaýyň Ylymlar Akademiýasynyň Geologiýa we geofizika institutynyň, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň beýleki ylmy edaralarynyň işgärleri bardy.
Alymlar Daşky gurşawy goramak ministrliginden we ýurdumyzyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinden, olaryň ylmy bölümlerinden, şol sanda Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyndan (ÇÖHDMI) türkmen kärdeşleri bilen duşuşdylar.
Hytaýly myhmanlar üçin Garagum çölüniň jümmüşine gezelenç guraldy. Şeýle-de, olar Bokurdak şäherçesine baryp, bu ýeriň tebigaty, ösümlik köpdürlüligi bilen tanyşdylar.
Türkmen kärdeşleri bilen duşuşygyň dowamynda hytaýly wekiller Türkmenistanyň çöl öwreniş ylmynyň potensialyna ýokary baha berdiler we çölleşmä, ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşiň netijeliligini ýokarlandyrmak, biodürlüligi gorap saklamak üçin ylmy hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler. 


düýn 20:08
2k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......