Geçen hepde Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 51 million dollardan geçdi

  • 08.01.2024 12:54
  • 2.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million 329 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri we beýlekiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekillerine bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid ýerlenildi.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah mata we nah ýüplük, jins matalary ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, nebit ýol bitumyny, el halylaryny, nah ýüplügi, ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 756 müň manatdan gowrak boldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......