Tesla programma üpjünçiligi bilen bagly kynçylyklar sebäpli Hytaýda 1,6 milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrar

  • 06.01.2024 15:55
  • 16k+

Amerikanyň Tesla kompaniýýasy programma üpjünçiligi bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli Hytaýda 1,6 milliondan gowrak elektrik ulagyny yzyna çagyrýar diýip, ýurduň Bazary düzgünleşdiriş döwlet dolandyryşynyň (State Administration for Market Regulation, SAMR) beýannamasyna salgylanýan AFP habar berýär.

Yza çagyryş uzak aralykdan programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly amala aşyrylar we 2014-2023-nji ýyllarda öndürilen awtoulaglara, esasanam, Hytaýda öndürilen Model 3-e we Model Y-a, şeýle hem import edilen Model S-e, Model X-e we Model 3-e degişli bolar.
SAMR-yň bellemegine görä, ýüze çykarylan meseleler sürüjä kömek ulgamyna degişli bolup, çaknyşmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem, 7,5 müň sany import edilen Tesla-nyň gapysynyň gulplanyş ulgamynda näsazlyk bar.
Tesla-yň paýnamalary anna güni bazardan öňki söwdada 0,3% aşaklady.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....