Nio hytaý kompaniýasy zarýad bermezden 1044 km ýol geçmäge mümkinçilik berýän batareýa döretdi

  • 06.01.2024 11:56
  • 10k+

Tesla-nyň hytaýly bäsdeşi Nio elektrik ulaglary üçin 1000 km aralyga hereket etmäge ýetýän batareýa öndürdi. Onuň synag sürülişi Hytaýyň iki şäheriniň arasynda bir zarýadda 14 sagat sürmek bilen kompaniýanyň baş direktory tarapyndan amala aşyryldy diýip, Business Insider ýazýar.

Nio-nyň "Hytaýyň Ilon Masky" ady bilen meşhurlyk gazanan baş direktory Uilýam Li Hytaýyň elektrik ulag kompaniýasynyň öňdebaryjy batareýa tehnologiýasy synag edip, Şanhaýdan Sýamene çenli geçen 1044 km ýoluny göni ýaýlymda görkezdi.

Li Hytaýyň Weibo sosial media sahypasynda Nio ET7 elektrik awtoulagynyň, sebitde howanyň birden sowandygyna garamazdan, 14 sagatlyk ýoly bir zarýad bilen tamamlap bilendigini we ýoly 3% batareýa zarýady bilen tamamlandygyny habar berdi.
ET7 Nio-nyň 150 kWt sagatlyk batareýasy bilen üpjün edildi, Li-niň aýtmagyna görä, ol dünýädäki islendik EV batareýasyndan iň ýokary energiýa dykyzlygy bilen tapawutlanyp, oňa has uzak aralygy geçmäge mümkinçilik berýär. Nio 2024-nji ýylyň aprelinde şeýle batareýalary köpçülikleýin öndürip başlamagy meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, ol arzan düşmeýär, sebäbi kompaniýanyň aýtmagyna görä, batareýany aýratyn satyn almak 298 000 ýuana (42,1 müň dollar) töweregi bolar - bu Hytaýdaky Tesla Model Y-nyň bahasy bilen deňdir.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....