Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti bilen duşuşdy

  • 05.01.2024 01:41
  • 12k+

4-nji ýanwarda günüň ikinji ýarymynda BAE-niň Prezidentiniň «Al Şatiýe» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy.

Duşuşyga BAE-niň wise-prezidenti, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Mansur Bin Zaýed Al-Nahaýýan gatnaşdy.
Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, şeýle hem häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, ýurdumyzyň öňe sürýän, durnukly we ählumumy ösüşe gönükdirilen ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. 
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler taraplaryň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine  däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bermäge meýillidigini tassykladylar.
Taraplar dünýäde bolup geçýän häzirki ýagdaýlara garamazdan, türkmen-emirlikler söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň durnukly we artýan depgin bilen ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Medeni-ynsanperwer ulgamda, ylym, medeniýet we sport ugurlary boýunça ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......