BSGG Türkmenistandan, Azerbaýjandan we Gazagystandan lukmançylyk işgärleri üçin gämileriň sanitariýa barlagy boýunça VR-trening geçirdi

  • 04.01.2024 17:05
  • 13k+

BSGG-niň Ýewropa sebit býurosy Stambulda Türkmenistandan, Azerbaýjandan we Gazagystandan saglygy goraýyş pudagynyň işgärleri üçin wirtual hakykat gurallaryny ulanmak bilen 4 günlük trening geçirdi. Bu barada nCa habar berýär.

Treningiň dowamynda BSGG-niň Ýewropa Sebit býurosynyň wekilleri port lukmançylyk işgärleriniň toparyny portlarda we gämilerde jemgyýetçilik saglygy goraýyş potensialyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjek täze sanly çözgütler bilen tanyşdyrdylar.
Koronawirus pandemiýasy portlarda jemgyýetiň saglygyny goramak potensialyny saklamagyň örän möhümdigini görkezdi. Indi olaryň işiniň gaýtadan dikeldilmegi bilen köp ýurtlar üçin taýýarlykly port lukmançylyk işgärlerine zerurlyk hem artdy. Bu faktorlary göz öňünde tutup, BSGG gämileriň sanitariýa barlagy ugrunda bilim ülňülerini ýokarlandyrjak täze wirtual hakykat (VR) gurallaryny işläp taýýarlady we hödürledi. Taslama ulanyjylara düýpli sanitariýa barlagyny üpjün etmek üçin gäminiň tehniki zonalarynyň hakyky şekillendirişi bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Gatnaşyjylar wirtual hakykatda gäminiň içinden geçmäge mümkinçilik berýän VR garnituralaryny we el kontrollerlerini synap gördüler. Modelirleme ulanyjylara gäminiň toplumlaýyn sanitariýa barlagyny geçirmegi, şol sanda töwekgelçiliklere baha bermek işlerini geçirmegi we kapitan hem topar bilen nähili aragatnaşyk saklamalydygyny öwrenmäge kömek edýär.
Türkiýede geçirilen dört günlük trening howa menzillerinde, portlarda we ýerüsti transport merkezlerinde potensialy artdyrmak boýunça BSGG-niň Ýewropa Sebit býurosy tarapyndan goldanylýan hem-de sebitde serhetleriň ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleriň bir bölegi boldy.


düýn 07:29
2.5k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

18.05.2026 14:46
5k+

BSGG Afrikadaky Ebola keseli sebäpli halkara derejeli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda we Ugandada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip......

10.05.2026 18:46
4.3k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

06.05.2026 16:42
5.3k+

BSGG Atlantik ummanyndaky kruiz laýnerinde hantawirusyň ýüze çykandygyny habar berdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kabo-Werdeniň kenarlarynyň golaýynda ýerleşýän «Hondius» kruiz laýnerinde hantawirus hadysalarynyň ýüze çykandygyny habar berdi....