NYT emeli aňyň kömegi bilen awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy üçin OpenAI we Microsoft kompaniýalaryny kazyýete berdi

  • 29.12.2023 14:54
  • 3k+

“The New York Times” gazeti öz habar materiallaryna gatnaşykda emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagy bilen awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy üçin OpenAI we Microsoft tehnologiýa kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasyny berendigini habar berdi diýip, TASS belleýär.

Bu nägilelik günäkärlenýänleriň öz çat-botlaryny türgenleşdirmek üçin NYT tarapyndan döredilen “millionlarça” habar önümlerini muzdsuz ulanmagynda we munuň maglumat çeşmesi hökmünde gazet bilen bäsleşýän we onuň elinden auditoriýany alýan materiallaryň peýda bolmagyna getirýändigi bilen baglanyşyklydyr.
NYT OpenAI-den we Microsoft-dan gazetiň awtorlyk hukugy bilen goralan materiallaryny ulanýan ähli çat-bot modellerini we öwrediji maglumatlary ýok etmegi talap edýär. Şeýle-de, ol mukdary belli bolmadyk kompensasiýa garaşýar, ýöne gürrüň “milliardlarça dollar” baradadyr.
Şikaýat arzasy NYT-yň we günäkärlenýänleriň aprel aýyndan bäri alyp barýan gepleşiklerindäki petigiň netijesi boldy. Gepleşikler arkaly täjirçilik şertnamasyny baglaşmak we emeli aň önümlerine degişli tehnologiki çäklendirmeler barada ylalaşmak göz öňünde tutulypdy.


25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......