Dragon Oil Aşgabatda täze edara binasyny açdy

  • 26.12.2023 23:43
  • 24k+

Dragon Oil kompaniýasy Aşgabatda täze edara binasyny açdy. Dabara kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Ali Raşid Al Jarwan we “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow gatnaşdy. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sosial ulgamlaryndaky habaryna salgylanyp, ORIENT belleýär.

Türkmenistan bilen Dragon Oil kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mysaly bolup hyzmat edýär. Kompaniýa Türkmenistanda öz işini 2000-nji ýyldan bäri Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygyň esasynda alyp barýar. Onuň Türkmenistandaky işiniň esasy ugry “Jeýtun” we “Jygalybeg” nebit ýataklaryny özleşdirmek arkaly Hazar deňzindäki “Çeleken” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod gazyp almakdyr. Kompaniýa taslama 8 mlrd ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy.
Ýokary iş görkezijileriniň we üstünlikli hyzmatdaşlygyň netijesinde “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasynyň arasynda Önümi paýlaşmak baradaky ylalaşygy 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak barada şertnama gol çekildi.
Dragon Oil uglewodorodlaryň ekologiýa taýdan howpsuz önümçiligine ünsi jemlemek bilen, Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy adyny ýyl-ýyldan tassyklaýar. Ali Raşid Al Jarwan COP 28 konferensiýasynda Türkmenistandaky Dragon Oil-iň 2027-nji ýyla çenli öz önümçilik meýdançalarynda gazyň ýakylmagyny doly bes etjekdigini aýtdy.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......