Türkmenistanyň biržasynda hepdelik geleşikleriň jemi bahasy 18 million dollardan gowrak boldy

  • 25.12.2023 23:26
  • 3.1k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 114 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. 

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Gruziýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagyny hem-de dizel ýangyjyny satyn aldylar. 
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Pakistanyň telekeçilerine ýüpek çig maly, aşgarlanmadyk we jinsi matalar, nah ýüplük, arassalanan nah ýüplügiň galyndylary, buýan köki ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 290 million 591 müň manatdan gowrak bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ownuk däneli hlor kaliýsini, şeýle hem, el halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi, çig ýagly kislotany, pagta galyndylaryny satyn aldylar.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......